20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, 2020 — 2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamanyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, üç ýyllyk ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Ol degişli çäreleriň 12-siniň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar. Hususan-da, birnäçe durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, saglygy goraýyş ulgamyndaky ynsanperwerlik taslamalaryň amala aşyrylmagy, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy dowam etmegi öz içine alýan degişli çäreler göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýokarda agzalan maksatnamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnama tassyklanyldy.