“Liwerpul” geljek möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşjak ilkinji topar boldy

17:1418.02.2020
0
1183

“Liwerpul” Angliýanyň çempionatynda 76 utuk toplap, iň golaý garşydaşy “Mançester Sitiden” 25 utuk öňde barýar. Çempionlyga barha golaýlaýan “Liwerpul” topary eýýämden täze möwsümde-de UEFA Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Düýnki duşuşykda 4-nji hatarda barýan “Çelsiniň” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedden” 2-0 utulmagyndan soň, londonlylar bilen “Liwerpulyň” arasyndaky utuk aratapawudy 35-ä çykdy. Şeýlelikde, galan 12 tapgyryň ählisinde “Liwerpul” utulyp, “Çelsi” ählisinde ýeňiş gazansa-da “Liwerpuldan” öňe geçip bilmez. Ýagny “Çelsi” galan 12 oýunda ýeňiş gazansa, jemi 74 utuk toplar. Şunlukda, 76 utukly “Liwerpul” geljek möwsüm üçin eýýämden Çempionlar ligasynda ýer aýyrdan ilkinji topar boldy.

Galyberse-de “Liwerpul” topary ýeňişli ýörişini dowam etdiren ýagdaýynda 7-nji martdaky “Bornmut” bilen geçirjek duşuşygyndan soň, çempion bolup biler. Bu bolsa täze rekord diýmekdir. “Premier” ligada iň ir çempion bolan topar “Mançester Ýunaýted” bolup, mankunianlar 2000/01 möwsüminde 14-nji aprelde çempionlyk gazanypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň