Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepe etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary gowşuryldy

00:0116.02.2020
0
10290

Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Ministrler Kabinetiniň Türkmenistany 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligini sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Yzgant obasyndaky baýramçylyk çäreleri Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň öňündäki giň meýdançada başlandy.  Soňra dabaralar obadaky sport mekdebiniň öňündäki meýdançada dowam etdi. Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň nepis türkmen halylary bilen bezelen owadan meýdançasynda giň göwrümli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Medeniýet köşgüniň maslahatlar zalynda baýragy gowşurmak dabarasy boldy. Dabaralaryň çägindeTürkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Gökdepe etrabynyň häkimine etrabyň mynasyp bolan baýragyny gowşurdy.

Soňra Medeniýet köşgünde sungat ussatlarynyň konserti bolup, ol baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň