Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «KamAZ» APJ-den täze ýük ulaglaryny almaga gyzyklanma bildirýär

22:2512.02.2020
0
10660

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, işewür Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny we «KAMAZ-yň» milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny nazara alyp, birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde şu görnüşdäki ýük awtoulaglarynyň müňlerçesi ýurdumyza iberildi. Kompaniýanyň inžener-işläp taýýarlaýjylary ulaglaryň görnüşlerini yzygiderli kämilleşdirýärler hem-de tehniki häsiýetlerini gowulandyrýarlar.

Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň iri awtoulag korporasiýasy bilen özara gatnaşyklar boýunça köpýyllyk oňyn tejribä ýokary baha berip, dünýä belli ýokary hilli tehnikalaryň mundan beýläk-de Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi esasy ugur edinýändigini belläp, ýurdumyzyň geljegi uly giň möçberli meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda anyk işleri alyp barýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, şol sanda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek arkaly, ylmy-tehniki öňdebaryjy gazanylanlaryň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň goralmagy möhüm wezipe bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyza getirilýän awtoulaglaryň howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa ölçeglerine gabat gelmegi babatda ýokary talaplar bildirilýär.

Işewür Türkmenistanyň «KAMAZ» üçin ähmiýetli bazarlaryň biridigini nygtap, kompaniýanyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şol sanda hyzmat merkezlerini gurmaga, häzirki zaman tehnikalaryna hyzmat edýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we kompaniýanyň täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak baradaky tekliplerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň