Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permanlara gol çekmek bilen, general-maýor Ý.Berdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi belläp, ony milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.