Şu gün döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi ― diýip, TDH habar berýär. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny, şol sanda belent dag gerişlerinden demirgazyga uzaýan giňişlikleri, bu künjekde döredilen tokaý zolaklaryny synlady.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ynsan kalby üçin tenekar bolan tämiz dag howasy, tebigatyň ajaýyp görnüşleri adamlaryň saglygy üçin wajypdyr, çünki munuň özi ynsanyň ruhuny göterýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluna ýörişini tamamlap, bu ýerden ugrady.