Gökdepe etraby 2019-njy ýylyň iň ýokary netijeler gazanan etraby boldy

23:1707.02.2020
0
8352

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda çykaran 782-nji Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby 2019-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Gökdepe etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň