Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleri duşuşdy

23:4405.02.2020
0
6247

 5-nji fewralda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky duşuşygy tamamlandy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşygyň gün tertibinde Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak baradaky mesele boldy.

Resminamanyň taýýarlanylmagyny türkmen tarapy öz üstüne alyp, ol 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň III sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň üstüni ýetirmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, Teswirnama hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak hakynda Ylalaşyk bilen arabaglanyşyklydyr. Astrahanda IV Hazar sammitinde kabul edilen bu resminama döwletleriň içinde zerur bolan işler ýerine ýetirilenden soň, 2016-njy ýylyň maý aýynda güýje girizildi.
Bu ylalaşyga laýyklykda, Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak, oýlanyşykly peýdalanmak we olaryň bilelikdäki ätiýaçlyklaryny dolandyrmak boýunça hökümetara Topar döredildi.
Giň ygtyýarlyklara eýe bolan Topar bilelikdäki suw biologiýa serişdelerini tutmagyň ýol berilýän umumy mukdaryny kesgitleýär hem-de olary ygtyýar berlen milli möçberlere paýlaýar, bu serişdeleriň awlanylmagyny düzgünleşdirýär, balyk tutmagyň düzgünlerini tassyklaýar, ylmy-barlag işleriniň ylalaşylan maksatnamalaryny utgaşdyrýar we beýleki meselelere garaýar.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň biologiýa serişdeleri uly köpdürlüligi we oňat netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ol deňizde mesgen tutanlaryň 1500-den gowrak görnüşlerini özünde jemleýär. Şolaryň arasynda tirana görnüşiniň wekilleri bolan akbalyk, bekre, çöke balyk, tirana balyklary bolup, olar Ýer ýüzünde saklanyp galan hem-de öndürilýän dünýä ätiýaçlygynyň we genofondunyň esasyny düzýär.
Mundan başga-da, bu ýerde balyklaryň çapak, kepir, garabalyk, kutum, çontaly, töp, kilka, okun, çüýbalyk ýaly awlanylýan gymmatly görnüşleri bar, deňizde ýeke-täk süýdemdiriji haýwan — Hazar düwleni saklanyp galypdyr.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda tirana balyklaryndan başga-da, kilka balyklarynyň we Hazar düwleniniň birnäçe görnüşiniň sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki suw biologiýa serişdeleriniň sanawyna goşulandygyny bellemek gerek.
Ýakynda Aşgabatda Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň, şeýle hem Hazar deňzinde gözleg-halas ediş babatda hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara Ylalaşygynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygynyň geçirilendigini ýatlamak isleýäris.
Aşgabatda guralan şu üç günlük iş maslahatynyň dowamynda bilermenler bioserişdeleri bikanun awlamagyň garşysyna göreşmegiň hem-de brakonýerçiligiň öňüni almagyň netijeli guralyny döretmäge gönükdirilen Teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak işlerini dowam etdiler.
Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň her biri örän möhüm meseleleriň birini çözmäge gönükdirilen tekliplerini beýan etdiler. Şunda deňziň balyk serişdelerini gorap saklamak, deňiz giňişliginde balyk tutmagy düzgünleşdirmek baradaky meselelere aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Hazarýaka döwletleriň balyklaryň tirana görnüşiniň senagat taýdan tutulmagyny alyp barmaýandyklaryny bellemek gerek. 2019-  njy ýylyň dekabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak, oýlanyşykly peýdalanmak we olaryň bilelikdäki ätiýaçlyklaryny dolandyrmak boýunça toparyň üçünji mejlisinde tirana balyklarynyň täjirçilik maksatly tutulmagyna gadaganlyk 2020-nji ýyla uzaldyldy.
Mejlise gatnaşyjylar brakonýerçilige garşy bilelikde göreşmegiň görnüşlerini we çäklerini ara alyp maslahatlaşyp, kenarýaka ýurtlaryň serhet, hukuk goraýjy, balyk goraýyş we ekologiýa gulluklarynyň bu ulgamda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň hem-de hereketlerini utgaşdyrmagynyň möhümdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň