Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Polat Bilbil ogluny doglan gününiň 75 ýyllygy bilen gutlady

23:4404.02.2020
0
4470

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogluna doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi ― diýip, TDH habar berýär.

Milletiň Lideri öz gutlagynda Polat Bilbil oglunyň köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly goşant goşandygyny belledi. «Şoňa görä-de, Türkmenistanda Size görnükli kompozitor we ajaýyp aýdymçy hökmünde uly hormat goýulýar, Siziň döredijiligiňiz türkmen halkynyň ýüreginde aýratyn orun eýeleýär» diýip, milletiň Lideri nygtady.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Polat Bilbil ogluna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň