Türkmenistan Tatarystandan lukmançylyk dikuçarlaryny satyn alar

12:5301.02.2020
0
12264

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» kärhanasynda öndürilen lukmançylyk dikuçarlaryny satyn alar. Bu dikuçarlar paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulanmak, ilata tiz lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmaga niýetlenendir. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentine 31-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny satyn almak baradaky teklibi makullady hem-de dikuçarlara ýokary hilli tehniki hyzmaty ýola goýmak we netijeli peýdalanmak boýunça guramaçylykly hem-de sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin wise-premýere zerur çäreleri görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň