Soňky habarlar

Arhiw

«Dordoý» düzümini Mogilýowyň «Dnepriniň» goragçysy bilen güýçlendirdi

17:1830.01.2020
0
3890

Mogilýow şäheriniň «Dnepr» klubynyň goraçysy Maksim Şilo Bişkegiň «Dordoýynyň» düzümine goşuldy diýip, «Transfermarket» habar berýär. 26 ýaşly futbolçy gyrgyz topary bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy.

Futbolçy dürli ýyllarda Belarusyň Ýokary ligasynyň «Energetik-BGU», «Slawiýa-Mozyr», «Smolewiçi», «Luç» we «Dnepr» toparlarynda futbol oýnady. Maksim Şilo «Dordoýda» 5 belgili köýnekçäni geýer. Onuň şu möwsümiň bosagasynda «Dordoý» bilen şertnama baglaşan üçünji daşary ýurtly futbolçy bolandygyny hem ýatladýarys. Mundan ozal russiýaly ýarym goragçy Fýodor Şeremetow bilen bolgariýaly goragçy Georgi Radýew hem topara goşulypdy.

Şeýle hem «Dordoý» täze möwsümiň bosagasynda Andreý Dolženko, Tursunali Rustamow, Guljigit Borubaýew we Abaý Bokoleýew ýaly ýerli futbolçylar bilen hem şertnama baglaşdy.

«Dordoý» AFK-nyň kubogy ― 2020-ä we Gyrgyzystanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk işlerini Türkiýede alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň