24-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 28-nji ýanwarynda sebitiň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde Berlin şäherinde geçiriljek «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forumyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň umumy howpsuzlygaïetirýän täsiri bilen bagly meselelere seretmek bolup durýar. Bu barada TDH habar berýär.
Maslahatyň barşynda GFR-niň Hökümetiniň degişli başlangyjy beýan edilip, şonuň esasynda daşky gurşawy goramak we bioköpdürlülik, suw serişdelerini dolandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, tokaý hojalygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de energonetijelilik, oba hojalygy we ýer serişdelerini dolandyrmak ugurlary boýunça taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Бу улгамлар президент Гурбангулы Бердымухамедовынын сыйасатынын Илери тутулян угурлары болуп дуриар.