Soňky habarlar

Arhiw

Hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda medeni maksatnama taýýarlanyldy

09:3225.01.2020
0
10816

24-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna 14-nji ýanwarda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň eden taryhy çykyşynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Meýilnama «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy we syýasy ähmiýeti», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady ugrunyň möhüm ähmiýeti», «Ynsanperwerlik meseleleri we medeni gymmatlyklar barada» hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy — häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimiz» atly dört bölümi özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli çäreler, şol sanda duşuşyklar, düşündiriş çäreleri, maslahatlar, brifingler, media-forumlar we beýlekiler meýilleşdirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmeginde ynsanperwer ulgamyň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere meýilleşdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we umuman, Bitaraplygyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň