Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze awtomenziller gurlar

09:1325.01.2020
0
6945

24-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşigi geçirildi, şonuň netijeleri boýunça «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetiniň ýolagçy awtomenzilleriniň taslamasy seçilip alyndy.

Geçirilen hasaplamalara laýyklykda, bu desgalaryň gurluşygyny Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň hem-de «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetiniň arasynda paýly gatnaşykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, senagat we kommunikasiýa ulgamlarynda häzirki wagtda amala aşyrylýan iri taslamalaryň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, halkymyza ýokary hilli önümleri we döwrebap hyzmatlary hödürlemek üçin amatly şertleri döredýändigini belledi.

Ýolagçy gatnatmagy döwrebaplaşdyrmak hem-de edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, iň täze ylmy gazanylanlardan netijeli peýdalanmak we sanly tehnologiýalara geçmek boýunça işi dowam etdirmek möhümdir. Dürli maksatly desgalar, şol sanda ýolagçy awtomenzilleri gurlanda, döwrebap timarlaýyş we beýleki serişdeleri ulanmak zerurdyr. Döwlet Baştutany döwrebap binalarda ýolagçylara ähli amatlyklaryň döredilmelidigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň