Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen» atly sergi açyldy

22:0022.01.2020
0
5225

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen» atly sergi guraldy. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijiligine degişli dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryň, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän fotosuratlaryň, nakgaş işleriniň, şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýinde saklanylýan zergärçilik işleriniň, milli gymmatlyklarymyz bolan halylaryň görkezilmegi serginiň täsirini has-da artdyrdy.

Serginiň dowamynda çykyş edenler 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda milli Liderimiziň maksatnamalaýyn çykyşy, halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklar dogrusynda bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň