Çagalara tölenilýän döwlet kömek puluny resmileşdirmek

12:2321.01.2020
0
28828

Türkmenistanda köp ýyllardan bäri çaga dünýä inende birwagtlaýyn kömek puly we çaga üç ýaşyna ýetýänçä döwlet kömek puly tölenilip gelinýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ynsanperwer tagallasy maşgalalary goldamakda, ýaş nesli sagdyn ruhda terbiýelemekde uly goldaw bolup durýar.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan bu ugrunyň wezipelerini öz wagtynda durmuşa geçirmek maksady bilen, dünýä inen çagalaryň her birine birwagtlaýyn berilýän döwlet kömek puluny we olaryň üç ýaşy dolýança tölenilýän çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny resmileşdirmek üçin ene-atalara ýaşaýan ýerindäki etrap, şäher pensiýa gaznasynyň bölümine şu aşakdaky resminamalar bilen ýüz tutmagy haýyş edýär:

  • Enäniň pasporty we onuň göçürmesi;
  • Çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasy we onuň göçürmesi;
  • Ýaşaýan ýerinden güwänama (№3 görnüş);
  • Bank plastik kartyň yzyň maglumatlary.

Döwlet kömek pullarynyň resmileşdirilmegi bilen baglanyşykly soraglar ýüze çykan halatynda hepdäniň iş günleri islendik wagt etrap, şäher pensiýa gaznasynyň bölümine ýüz tutup bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň