Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň kazylarynyň II maslahaty geçirildi

14:2720.01.2020
0
5937

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazylaryň II maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy boýunça amala aşyrylan işleri seljermek we öňde durýan wezipeler ara alyp maslahatlaşyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Konstitusion özgertmeler boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde döredilen iş toparynyň hasabatydiňlenildi we gelip gowşan teklipler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem maslahata «Türkmenistanyň kazyýetleriniň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyndan gelip çykýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahat kazylaryň we beýleki kazyýet işgärleriniň wezipelerine bildirilýän hünär talaplaryny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanan Düzgünnamanyň taslamasy; Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 2017 — 2019-njy ýyllarda kabul edilen kararlarynyň ýygyndysy bilen tanyşdyrmak we bu ugurda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek we beýleki meseleleri-de öz içine aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň