Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýada iň amatly ipoteka karzlaryny berýän döwlet

22:2818.01.2020
0
33751

«GDA-nyň sesi» neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistan Merkezi Aziýada ýaşaýyş jaýlary üçin ipoteka karzlaryny iň amatly ýagdaýda berýän döwlet diýlip ykrar edildi. Bu  bararad ýörite bilermenler topary barlag geçirdiler.

Türkmenistanyň täjirçilik banklary ilata ýaşaýyş jaýyny edinmek üçin iň amatly şertler bilen köpýyllyk karz serişdelerini berýärler. Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda, ýaşaýyş jaýlary üçin ipoteka karzlary 30 ýyllyk möhlet bilen, her ýylda hem bary-ýogy 1 göterimlik berýärler. Şol sanda raýat ilkinji bäş ýylda karzyň esasy mukdaryny geçirmekden boşadylýar. Müşderi ilkinji bäş ýylda banka diňe alnan karzyň göterimini töleýär. Jaýyň töleginiň esasy karzy bolsa soňky 25 ýylyň içinde üzülýär.

2018-nji ýylyň maý aýynda Gazagystanda «7-20-25» taslamasy durmuşa geçirilip başlandy. Bu maksatnama laýyklykda, raýata ýaşaýyş jaýyny edinmek üçin başda umumy tölegiň 20 göterimini tölemek şerti bilen 25 ýyllyk ipoteka karz serişdesi berilýär. Tölegiň ýyllyk göterimi bolsa 7-ä deňdir. Gyrgyzystanda iň az göterim mukdary 6 ― 8 göterime çenli. Raýat karzy 15 ýylyň dowamynda üzlüşmeli. Ilkinji geçirilmeli pul 10 göterimden 40 göterime çenlidir.

Özbegistanyň banklary hem 7-den 16 göterime çenli hyzmatlary hödürleýärler. Käbir banklarda 20 göterime çenli artýar. Ilkinji töleg bolsa umumy serişdäniň 10-dan 25 göterimine çenlidir.
Täjigistanyň banklaryndaky karz serişdeleriniň ilkinji göterim mukdary 12, käbir ýerlerde bu ýagdaý 30 göterime çenli artýar.

Şu maglumatlardan hem görnüşi ýaly, Türkmenistan sebitde iň amatly ipoteka hyzmatlaryny hödürleýän döwletdir. Bu döwlet syýasaty raýatlaryň döwrebap şertlerde, döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda ýaşamagy hakyndaky aladadan gözbaş alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň