Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda şu ýyl oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy, şeýle hem olaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmak we bag ekmek işlerini dowam etmek göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäher häkimliginiň gurluşyk guramalary 10 ýyl Abadançylyk we Alty Garlyýew köçelerinde binalaryň düýbüni tutmak we inženerçilik ulgamlaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýarlar ― «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bellenilen ýerde monolit jaýlaryň 23-si gurlar. 36 we 54 öýli dokuz gat binalar bir müňden gowrak maşgala niýetlenendir. Olaryň golaýynda seýilgäh zolagy, çagalar oýunlary we sport meýdançalary, köp gatly ulag duralgalary we beýleki binalar gurlar.
Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýene bir ýaşaýyş jaý toplumy kemala gelýär. Bu ýerde «Türkmendemirbeton» önümçilik birleşigi 76-njy tapgyrdan dört gatly iri panelli jaýlaryň 35-sini gurar. Eýýäm ýigrimi dört jaýyň diwarlary galdyryldy. 32 öýli jaýlaryň dokusyzy ulanmaga berildi. Ýene ýedi jaý şu ýylyň maý aýynda ulanmaga tabşyrylar. Olaryň hersinde 114 inedördül metrden 137 inedördül metre çenli 2-3 otagly jaýlar göz öňünde tutulan.
Ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ikinji tapgyrynda jaýlaryň ýene 15-si gurlar. Şonuň bilen bir wagtda bu ýerde söwda merkezi, çagalar bagy we umumybilim berýän mekdep bina ediler. Jaýlaryň töwereginde sport meýdançalary, çagalar oýunlary zolaklary, maşgala dabaralary geçirilýän we sadaka berilýän ýerler, ulag duralgasy ýerleşer. Gurluşygy 2021-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Paýtagtymyzyň günbatarynda gurulýan Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi bilen ýene-de üç müňden gowrak maşgala täze jaýly bolar.