Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

22:2713.01.2020
0
4499

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhalesi kabul etdi. Ol milletiň Liderine ynanç hatyny gowşurdy ― diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hemde dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili birekbirege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen berkidilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMGniň çäklerinde ýola goýulýan özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk senesiniň bellenilýändigi hemde  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, tutuş dünýäde durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ykrar edilýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutany Diýarymyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugry milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan deňeçer ýörelgelere, Ýer ýüzünde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine bolan çemeleşmelere, halkara gatnaşyklaryň esasy bolan BMGniň Tertipnamasynyň esaslaryna gabat gelýändigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm ugurdygyny belläp, ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilere we ylmy maslahatlara gatnaşylmagyna hemde özara Medeniýet günleriniň guralmagyna ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň