Türkmenistanly hüjümçi Selim Nurmyradow Daşkentiň «Bunýodkorynyň» düzüminde ilkinji gezek meýdana çykdy ― diýip, «Championat.asianyň» habarynda aýdylýar.
«Al-Wahda» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda (1:1) 23 ýaşly hüjümçi esasy düzümde meýdana çykdy. 30-njy minutda garşydaş futbolçylaryň biriniň Selim Nurmyradowy jerime meýdançasynyň içinde ýykmagy bilen emin 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Urgyny Murod Halmuhamedow dürs ýerine ýetirip, özbek toparyny hasapda öňe çykardy ― 1:0. Şondan 5 minut soňra «Al-Wahdanyň» futbolçylary toparyň goragçysy Pedronyň geçiren goly bilen hasaby deňlediler. Duşuşygyň ikinji ýarymynda hem hasap üýtgemedi.
«Bunýodkor» möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygyny Yragyň «Al-Zawra» toparyna garşy geçirer. Daşkentde boljak bu duşuşyk AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji saýlama tapgyryna degişlidir.
Kazanyň «Rubin» klubynyň futbol mekdebinde ýetişen 23 ýaşly hüjümçiniň «Bunýodkor» bilen bir ýyllyk şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.