Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Bütindünýä The Beatles gününe bagyşlanan konsert bolar

16:5410.01.2020
0
4548
Aşgabatda Bütindünýä The Beatles gününe bagyşlanan konsert bolar

18-nji ýanwarda Aşgabatda «Let It Beatles» atly kawer-konsert bolar. Bu aýdym-sazly agşam 16-njy ýanwarda belleniljek Bütindünýä The Beatles gününe bagyşlanýar. 

Konsertiň dowamynda meşhur Liwerpul dörtlüginiň aýdym-saz eserleri ýaňlanar. Aleksandr Koçetowyň, Aýnur Mahmydowanyň we Döwran Şammyýewiň güýçli we owazly sesleri konserte ýygnananlary aýdym-sazyň jadyly dünýäsine alyp gider. Olara fotepianoda Wladimir Mkrtumow, gitarada Ýusup Ysmaýylow, bas gitarada Igor Şewsow we depde Timur Öräýew sazandarlyk eder. Konsert «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçiriler. Ol agşam sagat 18-de başlanar.

Beýik Britaniýanyň «The Beatles» («Bitlz») rok topary 1960-njy ýylda Liwerpul şäherinde esaslandyryldy. Rok-n-roll sungatynyň taryhynda bu toparyň aýratyn orny bardyr. Topary Pol Makkartni, Jon Lennon, Ringo Starr we Jorj Harrison emele getirdi. Topar 1963 ― 1970-nji ýyllar aralygynda jemi 211 aýdymdan ybarat 13 sany toplum çykardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň