Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda "Milli Goşun" žurnalynyň täze sany çap edildi

23:5407.01.2020
0
5995

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.  Bu barada TDH habar berýär.

Žurnalyň nobatdaky sany geçen ýylyň ahyrynda kabul edilen «Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen açylýar. Bu döwlet sylagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda şahsy edermenlik görkezendikleri üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak maksady bilen döredildi.

Žurnalyň nobatdaky makalasy ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilmegine, halkara giňişliginde Türkmen döwletiniň hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgelerine, daşary syýasy we daşary ykdysady işlerine bagyşlandy.

Giň mazmunly makala okyjylary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen ýylda Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilen döredijilik we hünär ýaryşlary bilen tanyşdyrýar. «Ýylyň terbiýeçi — serkerdesi», «Iň gowy harby orkestr», «Ýylyň harby psihology» ýaly bäsleşikleriň tapgyrlary beýan edildi we netijeleri jemlendi.

Şeýle hem žurnalyň okyjylaryna ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýan makala hödürlenildi. Makalada bu işiň esasyny ýokary hünär derejeli işgärleriň—maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda çuňňur bilimli serkerdeleriň taýýarlanylmagynyň düzýändigi bellenilýär.

Esger-desantçylary taýýarlamak işine bagyşlanan makala hem gyzyklanma döretse gerek, Bu barada makalanyň awtoryna Milli goşunymyzyň has tejribeli tälimçileriniň biri söhbetdeşlikde içgin gürrüň berdi. Şol gürrüň asmanda paraşýut bilen bökülen pursatda başdan geçýän duýgulary aýdyň duýmaga, şeýle hem ýörite maksatly desant batalýonynda harby gulluk hakynda düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Tank goşunlarynyň harby gullukçylaryny taýýarlamagyň maksatnamalaryny kämilleşdirmek hakynda gürrüň berýän makala bilen synymyzy dowam edýäris. Şonda bellenilişi ýaly, şol maksatnamalar düzülende, ilkinji nobatda, täze sanly enjamlaryň artan mümkinçilikleri nazara alynýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň tankçylary nazaryýet bilimlerine eýe bolup, 3D tehnologiýasyny ulanýan ýörite trenažýor toplumlarynda tälimlere başlaýarlar.

Neşiriň täze sanynda 2019-njy ýylyň güýzki çagyryş möwsümi hakynda gürrüň berýän makala çap edildi. Möwsüm Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda geçirildi. Makalada raýatlary harby gulluga ugratmagyň hem-de harby gullugyny geçen esgerleri ätiýaja goýbermek dabaralary barada gürrüň berilýär, şeýle hem Milli goşuna çagyrylan harby gullukçylaryň ilkinji günleri hem-de harby kasamy kabul etmek dabarasy beýan edildi.

Neşiriň esasy bölegini Ýaragly Güýçlerimiziň ätiýaçlyga goýberilýän harby gullukçylarynyň söhbetdeşlikleri bezedi, olar çagyryş boýunça harby gullugy geçen döwürlerinde toplan baý tejribeleri barada gürrüň berip, geljek üçin meýilleri bilen paýlaşdylar.

Makalalarda edermen halkymyzyň taryhynyň käbir sahypalary, gadymy türkmen alymlarynyň açyşlary we oýlap tapyşlary, meşhur taryhy şahsyýetler hakynda gürrüň berilýär. Şeýle hem neşirde türkmen gylyjynyň aýratynlyklary hakynda ylmy makala ýerleşdirildi.

Neşire berkarar Diýarymyzy wasp edýän, Watan goragçylarynyň watançylyk duýgusyny artdyrýan goşgulary girizildi.

Ýokary hilli fotosuratlar we habarlar žurnalyň tapawutly aýratynlygy bolup, şolar hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen goşunynyň okgunly ösüşi barada gürrüň berýän çuň mazmunly, çeper beýan edilen makalalar bilen utgaşýar.

Türkmen dilinde çärýekde bir gezek çap edilýän, «Milli goşun» žurnaly okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Suratlar bilen göwnejaý bezelen neşirde watançylygyň we edermenligiň hakyky mekdebi bolan harby gulluk, Türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň goragynda durýan Watan goragçylarynyň gündelik işleri barada täsirli gürrüň berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň