Soňky habarlar

Arhiw

«Fox Sports Asianyň» ses berlişigi: Arslanmyrat Amanow ilkinji 25-likde

23:5903.01.2020
0
16987

Şu gün «Fox Sports Asia» neşiri öz resmi saýtynda Aziýada 2019-njy ýylyň iň gowy futbolçysyny yglan etdi. Bu ada «Tottenhemiň» we Koreýa Respublikasynyň 27 ýaşly hüjümçisi Son Hyn Min mynasyp boldy.

Ses berlişikde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň we Özbegistanyň «Lokomotiwiniň» ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň hem adynyň görkezilmegi aýratyn ýakymlydyr. Bu ses berlişigiň (oňa belli sport žurnalistleri gatnaşýar) AFK-nyň geçirýän ses berlişiginden bütinleý aýrydygyny hem bellemek gerek.

Ses berlişigiň netijesinde koreýaly futbolçy 258 utuk toplady. Ady görkezilen futbolçylaryň arasynda ilkinji bäşlikde «Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun hem bar.

Iň gowy futbolçylaryň sanawy:

1. Son Hýon Min («Tottenhem») —258 oçko

2. Akrom Afif («As-Sadd») — 114

3. Takumi Minamino («Zalsburg»/«Liwerpul»)- 90

4. Ali Almoez («Al-Duhail») — 64

5. Serdar Azmun («Zenit») — 58

6. Bafetimbi Gomis («Al-Hilal»)- 49

7. Wu Leý («Espanýol») — 29

8. Salim Al-Dowsari («Al-Hilal») — 26

9. Bagdod Buneža («As-Sadd») — 15

10. Paulino («Guanžou Ewergrand») — 14

11. Li Kang In («Walensiýa») —13

12–13. Teraton Bunmatan («Iokogama F. Marinos») — 10

12–13. Eldor Şomurodow («Rostow») — 10

24. Arslanmyrat Amanow («Lokomotiw» Taşkent) — 1.

24. Adam Taggart («Suwon Samsung Blýuuingz») — 1.

24. Elkeson («Guançžou Ewergrand») — 1.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň