Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýyň Futbol assosiasiýasy Aziýa kubogy ― 2023-iň duşuşyklarynyň geçiriljek şäherlerini kesgitledi

15:3129.12.2019
0
12817

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy resmi saýtynda 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň geçiriljek şäherleriniň adyny yglan etdi. Yklym ýaryşyny geçirmek üçin Hytaýyň Futbol assosiasiýasy 10 şäheri saýlap aldy. Olar Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao we Suçžou şäherleridir.

 «AFK bu 10 sany beýik şäherde futbol duşuşyklarynyň geçiriljekdigi üçin Hytaýyň Futbol assosiasiýasyna hoşallyk bildirýär. Men Hytaý Halk Respublikasyna bu uly sport baýramçylygyny üstünlikli geçirmegi arzuw edýärin» diýip, AFK-nyň Prezidenti Salman bin Ibragim Al Halifa aýtdy.

Hytaý yklym ýaryşyny taryhynda ikinji gezek kabul edýär. Bu döwletde mundan ozalky Aziýa kubogy 2004-nji ýylda geçirilipdi. Şol ýaryş Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň gatnaşan ilkinji yklym çempionatydyr.

2023-nji ýyldaky Aziýa kubogyny iýun ― iýul aýlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Kubogyň häzirki eýesi Kataryň ýygyndysydyr.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2004-nji ýyldaky ilkinji synagyndan soňra BAE-de 2019-njy ýylda geçirilen yklym çempionatyna hem gatnaşdy. Yzda galan ýaryşlaryň ikisinde-de biziň ildeşlerimize toparçadan çykmak başartmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň