Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe: «Maksadymyz ― 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogyna gatnaşmak»

18:2126.12.2019
0
6219

Horwatiýanyň «Weçerni» neşirine beren interwýusynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe öňlerinde goýlan esasyň maksadyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda mümkin bolan iň gowy netijäni görkezip, 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýa kubogyna gatnaşmakdan ybaratdygyny aýtdy.

― 2019-njy ýylda ajaýyp netijeleri alandygymyza garamazdan, özümiziň heniz-henizler kämilleşmelidigimize oňat düşünýärin. Aziýada esasy dört milli ýygyndy öňe saýlanýar. Olar Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Eýranyň we Awstraliýanyň ýygyndylary. Olaryň derejesine ýetmek üçin heniz wagt we tejribe gerek.

Biz, esasan, Hytaýda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmagy maksat edinýäris. Toparçada häzirki eýeleýän ornumyz esasy maksada ýakyndygymyzy görkezýär ― diýip, horwatiýaly hünärmen pikirlerini beýan etdi.

Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2019-njy ýyly saýlama tapgyryň «H» toparçasynyň birinji ornunda tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň