Soňky habarlar

Arhiw

«Nemanyň» ýarym goragçysy Guljigit Alykulow Gyrgyzystanda «2019-njy ýylyň iň gowy futbolçysy» diýlip yglan edildi

22:2825.12.2019
0
4495

Belarusyň «Neman» futbol klubynyň gyrgyzystanly 19 ýaşly futbolçysy Watanynda «2019-njy ýylyň iň gowy futbolçysy» diýip yglan edildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«FFKR Football Awards» baýrak gowşurylyş dabarasy ýurduň paýtagty Bişkek şäherinde geçirildi. «Iň gowy futbolçy» diýen ada Minsk şäheriniň «Dinamosynyň» goragçysy Waleriý Kiçin bilen Bangladeşiň «Abahani Limited» toparynyň ýarym goragçysy Edgar Bernhard hem dalaş etdi. Dabara futbol hünärmenleri, tälimçiler, oýunçylar, eminler, gözegçi eminler, hemaýatkärlerden wekiller we žurnalistler gatnaşdylar.

Gyrgyzystanyň çempionty boýunça iň gowy oýunça niýetlenen baýraga «Dordoýyň» ýarym goragçysy Farhat Musabekow mynasyp boldy. Biziň ildeşimiz Wahyt Orazsähedow bolsa çempionatda bir möwsümiň dowmaynda geçiren 20 pökgüsi bilen iň netijeli futbolçy boldy. «Dordoýyň» we Gyrgyzystanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Aleksandr Krestinin ýurtda «Ýylyň tälimçisi» diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň