Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hokkeý boýunça täze Ylalaşyga gol çekildi

23:5123.12.2019
0
8475

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hokkeý federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama hyzmatdaşlygyň birnäçe ugruny öz içine alýar. Hususan-da, türkmen tarapy 2020-nji ýylda Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynda üstünlikli çykyş etmek üçin russiýaly hünärmenleriň baý tejribesinden peýdalanmaga döwtalap seredýär.

Munuň üçin russiýaly meşhur hünärmen Sergeý Nemçinow eýýäm iki gezek Aşgabatda iş saparynda boldy. Öz döwründe Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysyna, Russiýanyň ýaşlar ýygyndysyna, Moskwanyň SSKA, Gazagystanyň «Torpedo» toparlaryna tälim beren hünärmen türkmen hokkeýçileriniň halkara tejribesini artdyrmakda ýerli hünärmenlere ýakyndan ýardam berýär.

Hususan-da, ol hokkeý boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleşikleri bilen ýakyndan gyzyklanýar. Türkmen hokkeýçileriniň öňündäki wezipe üçünji dwizionyň «A» toparçasynda ýeňiji bolup, indiki dünýä çempionatynda ikinji dwizionda ýaryşmakdyr. Munuň üçin ildeşlerimiz Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Taýwanyň, BAE-niň we KHDR-nyň ýygyndylary bilen ýaryşar.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň Russiýadan başga Belarus Respublikasy bilen hem hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekişendigini ýatladýarys. Ýakyn geljekde bolsa Latwiýanyň, Ukrainanyň milli federasiýalary bilen hem ýakyn hyzmatdaşlyga girişiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň