Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» AFK-nyň kubogy ― 2020-däki garşydaşynyň başyna serbiýaly tälimçi geldi

17:4723.12.2019
0
9238

Täjigistanyň «Hujand» futbol topary serbiýaly tälimçi Nikola Lazarewiç bilen şertnama baglaşdy. Ol öňümizdäki möwsümde toparyň baş tälimçisi bolup işlär.

Mundan ozal Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň hem tälimçisi bolup işlän hünärmeniň öňünde AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, toparçalara girmek wezipesi goýuldy. Mälim bolşy ýaly, «Hujand» saýlama tapgyrda «Neftçi» (Gyrgyzystan) ― «Ahal» (Türkmenistan) jübütleriniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Tamamlanyp barýan ýylda «Ahal» bilen «Hujand» Aşgabatda 1:1, Täjigistanda 0:0 hasabynda oýnap, toparçalara «Hujand» gatnaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň