Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky derwezeçisi Ýewgeniý Naboýçenko «Tobolyň» tälimçiler düzümine goşuldy

13:4220.12.2019
0
8271

Ozalky türkmen futbolçysy, 49 ýaşly hünärmen Ýewgeniý Naboýçenko Gazagystanyň «Tobol» futbol toparynyň tälimçiler ştabyna goşuldy diýip, «Vesti.kz» habar berýär.

Toparyň täze baş tälimçisi, gazagystanly hünärmen Grigoriý Babaýan tälimçiler düzümine bolgariýaly Said Ibragimowy, watandaşy Arkadiý Bakulini we derwezeçileriň tälimçisi hökmünde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky derwezewany Ýewgeniý Naboýçenkony kabul etdi. Bu hünärmenleriň ählisi hem babaýan bilen işleşmekde baý tejribe topladylar.

Aşgabatda doglan Ýewgeniý Naboýçenko «Köpetdag», «Kaýrat», «Megasport», «Astana» (soňky üçüsi ― Gazagystan) ýaly toparlarda futbol oýnady. Ol 1997 ― 2004-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda hem çykyş etdi. Naboýçenko milli ýygyndymyz bilen 11 duşuşyk geçirdi.

Futbolçylykdan soňra tälimçilige girişen Naboýçenko ozal «Astana», «Aktobe» ýaly toparlaryň tälimçiler düzüminde hem işledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň