Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda güýzki-gyşky eşikleriň görkezilişi boldy

19:3504.12.2019
0
15205

Aşgabadyň «Altyn asyr» söwda merkezinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň guramagynda, onuň düzümine girýän tikin fabrikleriniň, dokma toplumlarynyň taýýarlan güýz, gyş pasyllarynda geýmek üçin niýetlenilen eşikleriň görkezilişi boldy. Erkekler üçin niýetlenen eşikleriň arasynda kurtkalar, paltolar hem-de penjekler bar. Zenan eşikleriniň hataryny sport lybaslarynyň toplumy, milli biçüwde tikilen köýnekler hem ýeňsizler bezeýär.

Çagalar üçin niýetlenen eşikler oňaýlylygy hem-de özboluşly biçüwi taýdan görkezilişe gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Şonuň bilen birlikde, çagalara Täze ýyl baýramçylygy üçin sowgat hökmünde tüýjümek matalardan taýýarlanan çaga oýnawaçlary, torbalar görkezildi. Olaryň arasynda syçanjyklar, piljagazlar, balarylar... hem bar. Aşgabat dokma toplumynyň taýýarlan bu önümleri eýýäm dükanlara çykarylyp, alyjylar tarapyndan uly islegden peýdalanýar.

Görkezilişde maşgala bolup dynç alyşda hem-de sport bilen meşgullanmakda birmeňzeş reňkde hem-de biçüwde taýýarlanylan lybaslar hem görkezildi.

Bu ýerde gözden geçirilişi bolan örme trikotaž önümleri hem alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. Görkezilişde oňa gatnaşyjylara dürli görnüşli, ýagny gülli, nagyşly önümleriň giň toplumy görkezildi. Erkekler, zenanlar hem-de çagalar üçin taýýarlanylan eşikleriň görkezilmegi tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň