Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: ýarym finalyň jogap duşuşyklary Aşgabatda geçiriler

21:5902.12.2019
0
1813
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: ýarym finalyň jogap duşuşyklary Aşgabatda geçiriler

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklary 3-4-nji dekabr günleri Aşgabatda geçiriler. 3-nji debarda paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen «Altyn asyr», ertirligi «Aşgabat» stadionynda «Ahal» bilen «Köpetdag» duşuşar.

Mundan bir aý ozal bolan ilkinji duşuşykda «Köpetdag» öz meýdanynda «Ahaldan» 0:2 hasabynda asgyn gelipdi. Türkmenistanyň wise-çempionynyň bu ýeňşi öz meýdanynda boljak jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk berdi.

Ilkinji duşuşygynda «Aşgabady» 3:1 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» jogap duşuşygynda hem bu artykmaçlygy gorap, finala çykmaga synanyşar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň çempionatyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempion bolup, AFK-nyň kubogy ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Eger topar Türkmenistanyň kubogyna hem mynasyp bolaýsa, yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryna çempionatda ikinji orny eýelän wekil gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň