Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana «John Deere» tehnikalarynyň täze toplumy getiriler

23:5824.11.2019
0
6498

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli geçirmek, pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de «Oba hojalyk pudagynda 2020 — 2030-njy ýyllar aralygynda oba hojalyk tehnikalaryna we gurallaryna sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrmagy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co KG» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» laýyklykda, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2020-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «John Deere Walldorf GmbH & Co KG» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada döwlet habarlar agentliginiň habarynda ýazylýar.

«John Deere» Türkmenistanda indi 25 ýyl bäri işläp gelýär. 2017 ― 2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistana kompaniýanyň ýygyjy tehnikalarynyň 400-si getirildi. Olaryň üsti 2019-njy ýylda «9970» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýene-de 300-si bilen ýetirildi. Ýene 300 kombaýnyň hem ýurdumyza 2020-nji ýylda gelmegine garaşylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň