Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şri-Lankanyň baş tälimçisi: «Türkmenistan bilen boljak duşuşykda az pökgi geçirtmäge synanyşarys»

16:0018.11.2019
0
6678

Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynda 19-njy noýabrda geçiriljek Türkmenistan ― Şri-Lanka duşuşygynyň öňüýanyndaky metbugat maslahaty bolup geçdi. Onda FIFA-nyň sanawynda 203-nji orny eýeleýän myhman ýygyndynyň baş tälimçisi, 66 ýaşly hünärmen Mohamed Nizam Pakir Ali žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Ol Şri-Lankanyň ýygyndysyna 2018-nji ýyldan bäri tälim berýär.

– Şri-Lankanyň ýygyndysynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň nobatdaky saýlama tapgyryna çykmaga eýýäm mümkinçilik galmady. Siziň ýygyndyňyzyň öňünde nähili maksat bar?

– Şri-Lankanyň futbol boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna 17 ýyldan soňra ilkinji gezek gatnaşýar. Biziň düzümimizde ýaş futbolçylar kän, olaryň köpüsi ýurdumyzyň 23 ýaşa çenli ýygyndysynda oýnaýar. Indiki tapgyra çykmaga mümkinçiligimiziň galmandygyna garamazdan, Türkmenistan, Koreýa Respublikasy, KHDR we Liwan bilen bir toparçada ýaryşmak ýaş futbolçylarymyz üçin ajaýyp tejribe mekdebine öwrüler. Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň oýunlary biziň üçin Günorta Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ajaýyp tapgyryna öwrüldi. Oýunlar Günorta Aziýa döwletleriniň arasynda her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.

– Şri-Lankanyň ýygyndysy ertir Türkmenistan bilen boljak duşuşykdan nähili netijä garaşýar?

– Ertirki oýun üçin öz maksatlarymyz bar. Futbolçylarymyzyň oýna taýýarlygy gowy. Olar elinde baryny etmäge taýýar. Ýöne bize sowuk howa şertlerine uýgunlaşmak gerek. Biz biraz ýyly howada taýýarlandyk. Muňa garamazdan, geçen duşuşyga garanymyzda gowy oýnamaga çalşarys.

– Diýmek, siziň maksadyňyz derwezäňize, mümkin boldugyndan, az pökgi geçirtmek diýsek dogry bolarmy?

– Türkmenistanyň ýygyndysy bilen geçiren soňky duuşygymyzda 0:2 hasabynda asgyn geldik. Ertir biz, mümkin boldugyndan, az ýalňyşlyk goýberip, derwezämizi sak goramaga çalşarys. Deňlige ýa-da has az pökgi geçirtmäge garaşýarys.

– Toparda şikesli oýunçylar barmy?

– Kapitanymyzda şikes bar, ol ertir oýnap bilmez. Ýöne biziň Germaniýada çykyş edýän futbolçymyz hem bar. Ol ertir düzümde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň