Nursähet Pazzyýew Türkmenistanda «Ýylyň boksçusy» diýlip yglan edildi

00:1618.11.2019
0
6650

27 ýaşly boksçy, Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Nursähet Pazzyýew 2019-njy ýylyň dowamynda milli we halkara ýaryşlarda görkezen ýokary netijeleri üçin Türkmenistanda «Ýylyň boksçusy» diýlip yglan edildi. Şeýle hem ol ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň kubogynda-da «Ýaryşyň bokçusy» diýen ada mynasyp boldy. Bu ýaryşda 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgen ýurdumyzyň kubogyna mynasyp boldy.

1992-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda doglan türgeniň ilkinji halkara üstünligi 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan bürünç medalydyr. Halkara ýaryşlaryň ençemesine gatnaşan boksçynyň Olimpiýa oýunlary babatynda hem ýeterlik tejribesi bar.

Şu ýylyň 16 ― 27-nji apreli aralygynda Bankogda (Taýland Patyşalygy) geçirilen Aziýa çempionatynda Nursähet Pazzyýew 75 kilograma çenli agramda çykyş edip üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýanyndaky “Olimp” orta sport mekdebinde boks boýunça tälimçisiniň bu medalynyň iň tasirli tarapy- türgeniň 4 ýyl arakesmeden soň bu ýaryşa gatnaşyp ýeňiş gazanmagydyr. Ýarym finalda N.Pazzyýew Siriýaly boksçydan ynamly üstün çykdy, ýöne esasy we aýgytly söweşde öz agramynda çykyş eden gazagystanly türgenden asgyn geldi.

Häzirki wagtda türkmen boksçynyň esasy maksady TOKIO 2020 Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak bolup durýar. Özüniň erjellik bilen alyp barýan türgenleşikleri esasynda Nursähet milli ýygyndy toparyň agzalygynda baş orunlarda durýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň