Şu gün Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy KHDR-nyň ýygyndysyny kabul eder. «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşyk 16:00-da başlanar. Duşuşygyň petekleri stadionyň kassalarynda satylýar. Olaryň bahasy 10 manatdyr. Stadionyň 26 müň tomaşa niýetlenendigini ýatladýarys.
Türkmenistanyň we Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň futbol ýygyndylary biri-biri bilen taryhda alty gezek duşuşdylar. Şol duşuşyklaryň dördüsinde türkmen futbolçylary garşydaşlaryndan asgyn geldi, iki duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Diýmek, KHDR «H» toparçada biziň ýygyndymyz üçin iň çylşyrymly we esasy garşydaşdyr. Ýygynda Ýun Çon-Su tälim berýär. Milli ýygyndynyň düzüminde 109 duşuşyk geçiren tejribeli derwezeçi Ri Mýon Guk bolsa, şol bir wagtyň özünde kapitandyr. Garşydaşyň iň güýçli futbolçysy häzir Italiýanyň «Ýuwentusynyň» düzüminde çykyş edýän Han Kwan Sondur. Ol futbol boýunça ýörite bilimi hem Ýewropada aldy.
KHDR-nyň ýygyndysy türkmen futbolçylary bilen ilkinji gezek 1998-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynda duşuşdy. Bu duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Dünýä çempionaty ― 2010-uň saýlama tapgyrynda bolsa ildeşlerimiz myhmançylykda 0:1 hasabynda utulyp, Türkmenistanda 1:1 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. Ýygyndylar AFK-nyň Çagyryş kubogynyň finalynda iki gezek duşuşdylar. 2010-njy ýyldaky duşuşyk 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde garşydaşyň peýdasyna 4:5 hasabynda (duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy). 2012-nji ýyldaky final bolsa 1:2 hasabynda tamamlandy.
FIFA-nyň reýtinginde Türkmenistanyň ýygyndysy 133-nji, KHDR 115-nji orunda.