Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky Türkmenistan ― Koreýa Halk Demokratik Respublikasy duşuşygynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň «Sport» myhmanhanasynda geçirilen metbugat maslahatynda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Ýeri gelende, tejribeli ýarym goragçynyň milli ýygyndyda 45 duşuşyk geçirip, şolarda 12 gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys.
– Ruslan Mingazow hem düzümde ýok, diýmek, esasy umydymyz ― siz! Türkmenistanyň ýygyndysy KHDR bilen meýdanda göreşmäge taýýarmy?
– Birinjiden, bir oýunçy meýdanda hiç bir zady çözenok. Ikinjiden, Ruslan Mingazowyň ýoklugy, toparyň oýnuna ýaramaz täsirini ýetirip bilmez. Ýygyndymyzyň her bir wekiliniň ähli ünsi şu duşuşykda. Ählimiz Watanymyz, ýeňiş üçin meýdana çykarys. Toparymyzda islendik futbolçyny çalşyp biljek deň güýçdäki futbolçy kän. Aslynda, toparda bäsdeşlik uly. Tejribeli futbolçylar hem, olar bilen deň durup biljek, geljegine uly ynam bildirilýän ýaşlar hem kän. Biz diňe ýeňiş üçin oýnarys. Meniň pikirimçe, bu duşuşyk biziň üçin ýylyň iň wajyp duşuşygydyr.
– Toparyň wajyp duşuşygyň öňüsyrasyndaky ýagdaýy barada hem aýdaýsaňyz!
– Toparda ýagdaýlar gowy. Heme kişiniň keýpi kök, hiç kimde mesele ýok. Duşuşykdan öň nämedir bir zatdan çekinmäge ýa ýaýdanmaga hiç hili sebäp ýok. Çykmaly we öz futbolymyzy oýnamaly. Soňra-da, üstünlik üçin göreşmeli. Tälimçimiziň aýdyşy ýaly, Liwan bilen bolan duşuşykda biz garşydaşy uly basyş bilen oýnadyk. Ýöne şowlulyk ýetmedi. Ertirki duşuşykda janköýerlerimizi begendirip biljekdigimize ynanýaryn. Goý, olar hem bizden goldawyny gaýgyrmasynlar!
– Daşkendiň «Lokomotiwi» bilen şertnamaňyz tamamlandymy?
– Geliň, häzir diňe Türkmenistanyň ýygyndysy barada gürrüň edeliň! Galan sowallaryňyza bolsa, oýundan soň höwes bilen jogap bererin.