Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

14:2407.11.2019
0
7670

Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebinde kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa ýurduň dürli ýerlerinden pälwanlar gatnaşdylar ― diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.

Ýaryşlar 2000—2002-nji ýylda doglan oglanlaryň we gyzlaryň, şonuň ýaly-da uly ýaşlylaryň arasynda geçirildi. Duşuşyklaryň netijesi boýunça ýaşlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň oglanlar topary birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenabat şäheriniň toparlary bolsa öz aralarynda ikinji hem-de üçünji orunlary paýlaşdylar. Gyzlaryň arasyndaky duşuşyklarda çempionatyň hojaýynlary garşydaşlarynyň köpüsinden üstün çykmagy başardylar we birinji orny eýelediler. Tutluşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlar bilen ylalaşmaly boldular. Bu çempionata jemi togsan dört oglan we otuz gyz gatnaşdy.

Şahsy netijeleriň jemi boýunça elli bäş kilogram agram derejesinde çykyş eden maryly pälwan Gylyçmyrat Geldiýew birinji orny eýeledi. Altmyş kilogram agramda orta çykan türkmenabatly Serdar Babamyradowa hem taý gelen tapylmady. Altmyş alty we ýetmiş üç kilogram agram derejelerinde aşgabatly pälwanlar Rejepguly Döwranow we Çary Nursähedow dagylara hem üstünlikler ýaran boldy. Togsan kilogram agram derejesinde çykyş eden türgenleriň arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň pälwany Begenç Abduşükirow hemmelerden güýçli çykdy. Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan gelen Döwlet Islamow bolsa togsan kilogramdan ýokary agramly türgenleriň ählisinden üstün çykdy.

Türkmenabatly Feruza Karýagdyýewa, Nuriýa Rejepowa, Reýhan Şawkatowa, Gözel Mämedowa, Zulkumar Daşkinowa we Aziza Kurbanowa, aşgabatly Şahida Joraýewa we Ýulduz Adizowa dagylar öz agram derejelerinde ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Ulularyň arasynda guralan duşuşyklara segsen iki erkek we ýigrimi sekiz zenan gatnaşdy. Utuklaryň umumy jemi boýunça Aşgabat şäheriniň erkekler we zenanlar topary birinji orny eýelediler. Lebaplylar bolsa ikinji orna mynasyp boldular. Erkekleriň arasynda üçünji orny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, zenanlaryň arasynda bolsa Daşoguz welaýatynyň toparlary eýelediler.

Ähli agram derejelerinde diýen ýaly Aşgabatdan gelen erkek we zenan pälwanlar üstünlik gazandylar. Erkekler diňe iki — segsen ýedi we togsan kilogram agramda Lebaply pälwanlardan öňe geçip bilmediler. Netijede Şatlyk Jumanyýazow we Nazar Kerimow dagylar ýeňiji boldular. Aşgabatly pälwanlar Şamuhammet Kurbanow (60 kg), Wepa Awlýakulyýew (66 kg), Daýanç Taganow (100 kg), Sapa Sapaýew (+100 kg) dagylar ýeňişleri bilen öz toparynyň birinji orny eýelemegini gazandylar. Aşgabat şäheriniň zenanlar toparynyň agzalary hem erkekleriň üstünliklerini gaýtaladylar we diňe iki agram derejesinde garşydaşlaryndan öňe saýlanyp bilmediler. Elli iki kilogram agram derejesinde Aýnur Amanowa (Lebap welaýaty) we segsen ýedi kilogramdan ýokary agramda Dilfuza Ýollyýewa (Daşoguz welaýaty) dagylar hiç kime başartmadylar. Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Gülşat Nasyrowa, Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa, Dinara Hallyýewa we Ýulduz Adizowa dagylaryň ynamly ýeňişleri Aşgabat şäheriniň toparyny birinji orna çykardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň