Soňky habarlar

Arhiw

Minskide geçirilen diplom işleriniň bäsleşiginde türkmenistanly talyplar ýokary derejeli baýraklaryň ikisine mynasyp boldular

22:4904.11.2019
0
1334

Minsk şäherinde «Arhitektura güýzi — 2019» festiwalynyň çäginde gurluşyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň diplom işleriniň XIII respublikan bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Belarusuň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde ýurduň arhitektorlar birleşigi tarapyndan guralan bäsleşikde Belarus milli tehniki uniwersiteti diplom işleriniň 26-syny hödürledi ― diýip, «Türkmenistan» gazetinde ýazylýar.

Türkmenistanly ýaşlaryň binagärlikde innowasiýa we ekologiýa boýunça döredijilikli çemeleşmeleri bäsleşigiň eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, türkmen talyplary Gylyç Nyzamow bilen Muhammet Mämetnazarowyň «Türkmenistanda ekoýaşaýşyň binagärlik-dizaýn konsepsiýasy» atly taslamasy bäsleşigiň şähergurluşyk ugry boýunça 1-nji derejeli diplomyna mynasyp boldy. Belarusda okaýan ýene bir türkmen talyby Yhlas Janaýew bolsa Türkmenbaşynyň howa menziliniň taslamasy bilen jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi ugry boýunça 2-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň