«Türkmenpoçta» DK gazetlere we žurnallara onlaýn-abuna ýazylyş hyzmatyny ornaşdyrdy

15:4301.11.2019
0
18919

«Türkmenpoçta» Döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy 2020-nji ýyla abuna ýazyylşygynyň çäklerinde «Gazetlere we žurnallara abuna ýazylşygynyň» täze elektron programmasy arkaly müşderilere hyzmat etmegi gurady ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. 

Ýakyn wagtda «Türkmenpoçtanyň» turkmenpost.gov.tm saýtynda onlaýn-abuna ýazylşyk hyzmaty işläp başlar, onuň kömegi bilen okyjylar öýünden çykmazdan gazetlere we žurnallara ýazylyp bilerler. 

«Türkmenpoçta» Döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýylsaýyn internet-hyzmatlarynyň çägini giňeldýär. Saýtda şeýle hem trek-san belgisi arkaly poçtadan ugradylýanlara gözegçilik etmäge, şeýle hem korrepondensiýalary we posylkalary ibermek üçin onlaýn düzgünde çaparlary çagyrmak bolýar. 

Demir ýol peteklerini satyn almak, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri tölemek, Bütindünýä poçta birleşigine girýän dünýäniň islendik ýurduna çaltlaşdyrylan poçta ugratmalaryny ibermek ýaly hyzmatlaryň hem kompaniýanyň hyzmatlaryna girýändigini ýatladýarys. Mundan başga-da, «Türkmenpoçtanyň» saýtynda nagt däl görnüşde töleg geçirmek we harytlary öýe getirmek hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň