Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük statistikasy bölümi tarapyndan häzirki wagtda ýurdumyzyň gümrük edaralaryna ornaşdyrylýan «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň eksport moduly bilen tanyşdyrmak boýunça okuw kursy gurnaldy. Bu okuw kursy Gullugyň ýanyndaky Okuw merkezinde geçirildi ― diýip, Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Okuw kursunyň esasy maksady gümrük maglumat ulgamynda Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän harytlar deklarirlenende ýük gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň kadalaryny özleşdirmek bolup durýar. Okuw kursuna Aşgabat şäher hem-de welaýat gümrükhanalarynyň gümrük statistikasyny ýöretmek boýunça jogapkär işgärleri gatnaşdy.
Okuw kursy gatnaşyjylar üçin gümrük maglumat ulgamynyň işini giňişleýin öwrenmek üçin oňat mümkinçilik boldy. Okuw kursunyň dowamynda bu maglumatda ýük gümrük deklarasiýasynyň doldurmagyň kadalaryny doly özleşdirdiler.
Gümrük gullugy düzümindäki harby gullukçylaryň hünär biliminiň yzygiderli ýokarlanmagyna uly üns berýär. Çünki harby gullukçylaryň hünärini ýokarlandyrmak–gümrük syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.