Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019, 22-nji tapgyr: «Aşgabat» bilen «Ahal» deňme-deň oýnady

23:5025.10.2019
0
3496

Şu gün ― 25-nji oktýabrda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen «Aşgabat» ― «Ahal» duşuşygy bilen Ýokary liga ― 2019-yň dördünji tapgyryna badalga berildi. Bu duşuşyk umumy çempionatyň 22-nji tapgyryna degişlidir.

1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda gollaryň ikisi hem «Ahalyň» futbolçylaryndan geldi. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň topary 51-nji minutda Orazberdi Myradowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, 75-nji minutda toparyň goragçysy Hoşgeldi Hojowow öz derwezesine pökgi geçirip, duşuşykdaky deňlige sebäp boldy. Iki tarapyň şondan soňky hüjümleriniň biri hem netije bermedi.

Bu duşuşykdan soňra üçünji orundaky «Ahal» 38, altynjy orundaky «Aşgabat» bolsa 21 utuga çykdy. 22-nji tapgyryň duşuşyklary ertir ― 26-njy oktýabrda dowam eder.

Türkmenistanyň futbol çempionaty. Ýokary liga, 22-nji tapgyr

Aşgabat şäheri. «Nusaý» stadiony. 150 tomaşaçy.

«Aşgabat» – «Ahal» – 1:1

Gollar: Hoşgeldi Hojowow 75, öz derwezesine – Orazberdi Myradow 51

Duýduryş: 90+3 Orazmuhammet Işangulyýew (“Aşgabat”)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: S.Gurbanow (Balkanabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.) 

   
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň