Soňky habarlar

Arhiw

Belarusda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

13:3412.10.2019
0
6541

17 ― 18-nji oktýabrda Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu medeni çäre Türkmenistanyň GDA agza döwletlerde diňe şu aýyň dowamynda geçiren ikinji Medeniýet günleri bolar. Türkmenistanly medeniýet we sungat ussatlarynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky çykyşlary barada hem saýtymyzda yzygiderli habarlary ýetiripdik.

Iki günläp dowam etjek Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleri üçin hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan baý maksatnama taýýarlanyldy. Bu dabaralara ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden, žurnalistrlerden uly topar wekilçilik eder.

Iki halkyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşmak üçin gelen belarus Lideri Aleksandr Lukaşenkonyň duşuşygynda hem öz beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanlarynyň nygtaýşy ýaly, bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň şu ýyl Eýran Yslam Respublikasynda we Türkiýede hem geçirilendigini ýatladýarys. Bu çäreleriň ählisi «Turkmenportalda» gyzgyn beýanyny tapýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň