Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar (U19) ýygyndysy “Fenerbahçeniň” ýaşlary bilen deňme-deň oýnady

19:1002.10.2019
0
3595

Türkiýäniň Stambul şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U19) soňky ýoldaşlyk duşuşygyny deňlikde tamamlady. Aziz Kambarowyň tälim berýänleri Stambulyň adygan “Fenerbahçe” toparynyň ýaşlar düzümi bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýygyndy toparymyza deňlik getiren topy Begençmyrat Myradow geçirdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýaşlar ýygyndymyzyň Stambul şäherindäki türgenleşik ýygnanyşygynyň 2-nji oktýabra çenli dowam edýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Kataryň, Ýemeniň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary bolarlar. Saýlama tapgyry şu ýylyň 4 ― 10-njy noýabry aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň