1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Minstrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda guramaçylyk meselelerine-de seredildi.
Bilelikdäki geçen mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Polisiýanyň polkownigi Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew Türkmenistanyň Içeri işler ministri wezipesine bellenildi.
Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (01.10.2019) habar berildi.