Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşygyna gatnaşdy

23:5428.09.2019
0
12481

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen ahalteke bedewleriniň çapyşyklarynyň hormatly myhmany boldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, bu ýerde dürli aralyklar boýunça 7 çapyşyk geçirildi. Olaryň her birinde 12 bedew öz ýyndamlygyny we çalasynlygyny görkezdi. Ýeňijilere Ykdysadyýet we maliýe, Nebitgaz, Söwda, Senagat we kommunikasiýa, Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy we Oba hojalyk toplumlarynyň her biri 15 müň dollar möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Jemleýji tapgyrda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dorgunan diýen dor aty Türkmenistanyň Prezidentiniň goýan 30 müň dollar möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy. Ony ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň