Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

22:5219.03.2025
0
9038

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda soňky ýyllaryň dowamynda däp bolan, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadag hem-de dostlukly goňşy döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

"Biz Nowruz baýramyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen we özbek halklarynyň ata-babalarynyň parasatly wesýetlerine laýyklykda has-da jebisleşmek bilen, geljekde hem egin-egne berip, dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýoly bilen öňe gitjekdiklerine berk ynam bilen belleýäris" diýip, Gahryman Arkadag aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Gahryman Arkadagyň belleýşi ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyklyk, ynanyşmak we oňyn ýörelgelere esaslanýan syýasy dialog şeýle hyzmatdaşlygyň baş şertidir. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň we Liderleriniň duşuşyklary türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.

"Biz şu ýyl Özbegistanda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” hem-de “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitleriniň, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegini doly goldaýarys" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu halkara çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek ugrunda bilelikde netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 4-nji aprelde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň Samarkantda geçiriljek duşuşygy baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, özüniň “Euronews” telekompaniýasynyň habarçysy bilen ýakynda geçirilen söhbetdeşliginde şunuň ýaly ýokary derejeli ilkinji sammitiň sebitiň Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini belländigini ýatlatdy.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň gün tertibi, onuň maksatnamasyny hem-de ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalary taýýarlamak boýunça bilelikde işlemäge taýýarlyk beýan edildi. Häzirki wagtda biziň diplomatlarymyz hem-de hünärmenlerimiz Birinji “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki jarnamanyň hem-de “Meýiller hakynda Jarnama. Aýratyn möhüm çig mal ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak” resminamasynyň ýazgylaryny taýýarlamak işlerini tamamlap barýarlar.

Türkmen tarapynyň “Merkezi Aziýa ählumumy wehimler bilen ýüzbe-ýüz: umumy abadançylygyň bähbidine raýdaşlyk” atly halkara maslahatyň işine hem işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýändigi bellenildi. Bu maslahat 4-5-nji aprelde geçiriljek sammtiň çäklerinde guralar. Şeýle hem biziň bilermenlerimiz we degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary “Merkezi Aziýanyň “ýaşyl” ösüş Konsepsiýasynyň” taslamasyny taýýarlaýarlar.

"Görnüşi ýaly, garaljak meseleleriň gerimi örän giň hem-de olaryň hemmesi möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, 27-nji martda Aşgabatda geçiriljek “ÝB-Merkezi Aziýa” formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň barşynda bu meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak hem-de döwlet Baştutanlary üçin gutarnykly çözgütleri taýýarlamak dogry bolar diýip hasaplaýaryn" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda belledi.

"Eger-de sammiti geçirýän ýurt hökmünde Özbegistanyň daşary syýasat edarasy Prezidentleriň duşuşyklary bilen baglanyşykly ähli meseleleri ylalaşmak boýunça işleri öz üstüne alsa hem-de biziň sebitimiziň Daşary işler ministrlikleri bilen degişli işleri geçirse, munuň özi sammiti üstünlikli we netijeli geçirmegiň kepili bolar. Biz bu meselede özbek doganlarymyza hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyrys" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň