Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 2-nji awgustynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi «Boeing» kompaniýasy (ABŞ) bilen täze «Boeing 777-200LR» uçaryny satyn almak üçin şertnama baglaşdy. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär. Täze uçaryň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistana gelmegine garaşylýar.
Täze «Boeing» kompaniýanyň Türkmenistana getirilen 32-nji uçary bolar. 2006-njy ýylda uzak aralyga iň ygtybarly uçar diýlip saýlanan «Boeing 777-200LR» bir uçuşda 15 müň 843 kilometr aralygy geçmäge ukyplydyr. Ol ýolagçylaryň 317-sine niýetlenipdir,