Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini wezipesinden boşatdy

23:4504.09.2019
0
12751

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Işanow Amandurdy Bekdurdyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipä ozal Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinde işlän Orazmyrat Gurbannazarow bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen Orazmyrat Gurbannazarowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 10/2-nji karary; Döwletgeldi Jumadurdyýewiç Rejepowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 10/3-nji karary; Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Jumadurdyýewiç Rejepowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 10/4-nji karary tassyklanyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň