7-nji sentýabrda Aşgabatda “Art-bazar” sergisi geçiriler

23:5002.09.2019
0
19283

Paýtagtymyzdaky “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezinde geçiriljek art-bazarda öz işini tomaşaçylara hödürleýänleriň sany 150-ä golaýlaýar.

Sergide meşhur suratkeşler, nakgaşlar, keramikaçylar dürli döwürlerde, dürli şekillerdir keşplerde ýerine ýetiren işlerini köpçülige görkezmäge mümkinçilik alarlar. Sergi iň kiçi ýaşly çagalardan başlap, gojalyga ýetişen adamlar üçin-de gyzykly bolar. Bary-ýogy 10-15 minutda ýa-da akkerdionçynyň bir sazynyň dowamynda öz portretiňi çekdirmek diýseň lezzetli. Aslynda sergi şunuň ýaly täsirli başdan geçirmelere baýlygy bilen-de tapawutlanýar.

Dürli agaç bölejiklerinden, duzlanan hamyrdan, perlerden, mata gyýkyndylaryndan... ýasalan özboluşly sungat eserleri her bir tomaşaçyda ýakymly täsir galdyrar.

Gadymy Gündogar bazaryny ýadyňa salýan art-bazar sergisi diňe bir söwda maksatly bolman, eýsem, tejribe paýlaşmakda, öz ussatlygyňy açyp görkezmekde, täze döredijilik gözleglerine çykmakda uly ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň